6-njy oktýabr 2017 - Türkmenistanda Hatyra güni

+2 ses
469
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 06.10.2017 12:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#70)
6-njy oktýabr 1948-da Aşgabatda Türkmenistan taryhynda iň äpet ýer yranmasy/titremesi bolupdy. 15-20 sekunda dowam eden we Riçter ölçegine görä 10.0 ululygyndaky şol ýer yranmasynda 198 müň ilatly Aşgabat şäherinde 176 müň adam ýogalypdy we Aşgabat şäherini tötänleýin ýaşap bolmajak derejä getiripdi.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň bu äpet we pajygaly wakada wepat bolanlar her ýylyň 6-njy oktýabrynda Ýatlama-Hatyra-Matam güni yglan edilip ýatlanyp gelinýär. Bu ýyl hem Anna güni, 6-njy oktýabrda Aşgabat şäherine 15 km ýakynlykdaky Gypjak obasynda Ýatlama güni bellenilip geçildi. Bu ýatlama 1948 ýer titremesinde garry atasyny Berdimuhammed Annaýewi ýitiren prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we müňlerçe Türkmen raýaty gatnaşdy. Prezidentimiz Gypjak obasyndaky Orta Aziýanyň iň uly metjidi Ruhy Metjidindäki Saparmyrat Türkmenbaşynyň maşgala mazarlygyna güller goýdy. 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda ýogalanlaryň we Gökdepe söweşinde wepat bolan söweşijileriň doga töwürler bilen ýatlanyldy.

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.05.2026 05:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6116)
Hudaý rehnet etsin, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Bu hakykatdan-da halkymyzyň taryhyndaky iň agyr we unudylmajak pajygaly wakalaryň biri.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.06.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6493)
DrWaltBishop, dogrudan hem agyr taryhy wakalar, ruhlary şat bolsun. Meniňem ata-babalarym şol ýylky pajygany gören ekeni, her ýyl bu gün köňüllerimize gussa doly gam-gussa bilen geçýär.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (260 oçko)
  2. merdan96 (228 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...