Täze Ýyl - 1 Ýanwar 2019

+1 ses
76
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Gep-Gürrüň | 31.12.2018 21:07 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#292)
Ýaňyja täzeje bir ýyla 2019-a girdik. Geçen ýyl 2018 köp adamlar üçin ylaýta-da Türkmen halkymyz üçin biraz kynrak geçdi. Gerek ykdysady krizis, gerek sosiýal we demografiki ýagdaýlar sebäpli dürli kynçylyklar baş görkezdi. Indi hemmämiziň aklymyzda täze ýyl 2019 nähili bolarka sorag bar. 2018-den has hem beter mi ýogsam tersine has gowy my geçer?
Hytaý kalendaryna görä 2018 it ýyly bolup 2 element (ýokarda toprak aşakda-da toprak) bilen gelipdi. Toprak pozitiw tarapdan dogruçylygy we deňçiligi aňladýarka, negatiw tarapdan-da gaýgy we dargynlyga yşarat edýär. Ýagny, 2018 käbirileri üçin gowy geçen hem bolsa, köpler üçin gaýgyly geçdi. Indi 2019 ýyly bolsa doňuz ýyly diýlip atlandyrylýar. 2 elementi bolsa ýokarda toprak aşakda bolsa suw bilen symbollandyrylýar. Bu nämäni aňladýan bolup biler. Ilki bilen-ä topragyň aşagynda suwuň bolmagy, durnuksyzlygy (taýpançaklygy, gaýymsyzlygy, ykjamsyzlygy) aňladýan bolup biler. Ýagny, umuman 2019 ýyly geçen ýyla garandan has hem kynçylykly geçmegi ähtimal.
Öte tarapdan, suw pozitiw tarapdan abadançylygy, negatiw tarapdan bolsa gorkyny symbollandyrýar. Yagny käbirleri abandaçylykda ýaşaýarka, käbirleri-de söweş ýa-da tebigy betbagtçylyk we belalar (ylaýta-da ýer titreme, zelzele, toprak taýmasy, ýer açylmasy ýaly) bilen garşylaşyp biler.
Yslamy usullara seredenimizde, ebjet hasabyna görä 2019-a deň gelýän birnäçe aýatlar bar. Mysal üçin,

(Yusup süresi, 7-nji aýat)
And bolsun, Yusup we doganlarynda soranlar üçin aýatlar (mysallar) bardyr.

(Şura süresi, 52-nji aýat)
Şübhesiz sen dos-dogry bolan bir ýola gönükdirýär, ýoldaşlyk edýärsiň.

(Nisa süresi, 159-njy aýat)
And bolsun, kitap ehlinden, ölmezden öň oňa ynanmajak hiç kim galmaz.

(Enfal süresi, 84-nji aýat)
Hakykatdan, biz oňa ýer üstünde gaty ykjam bir kuwwat (güç) berdik.

(Zümer süresi, 61-nji aýat)
Alla, takwa eýelerini (ynanýan we ynançlaryny ýaşaýan) ýeňişe eltmek bilen halas eder.

(Enfal süresi, 18-nji aýat)
Ine size böýle... Hakykatdan Alla, gapyrlaryň hileli tertiplerini puç edijidir.

(Fatiha süresi, 5-6-njy aýat)
Biz diňeje Saňa ybadat ederis we diňeje Sen-den yardam diläris. Bizi dogry ýola elt.

(Saffat süresi, 101-nji aýat)
Biz-de ony halym (gowy, ýumşak pälli, pes pälli) bir çaga bilen buşladyk.

(Isra süresi, 7-nji aýat)
Soňunda wada wagty gelende (ýene käbir gullary ugradarys) ýüzleriňizi "ýaman ýagdaýa soksunlar" birinjisinde oňa girenleri ýaly mesjide (Kudus)-e girsinler we ele geçirenlerini "darmadagyn edip weýran etsinler".

Bulara seredemizde-de kynçylyklary aňlap bolýar. Ýöne kynçylaryklaryň soňunda Hezreti Mehdi bilen abandançylygyň hem geljegi buşlanýar.

3 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#536)
Her ýyl geleninde gowulyga garaşmak biziň tebigatymyzda bar, emma bu gezek ýagdaýlar hakykatdan hem biraz aladalandyrýar. Hudaýym her kimiň halasyny versin, ýöne umyt etmeli hem diňe öz güýjüňe daýanmaly bolýar ekeni.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 22:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1469)
Her ýyl geleninde gowy bolar diýip umyt edýäris, emma bu ýyl hem aňsat boljak däl ýaly görýär. Ýazan zatlaryň gyzykly eken, ýöne şol kynçylyklaryň hemmesini özümiz başymyzdan geçirmän bilsek gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1782)
Ygtybarly çeşmelere ýa-da yrym-yrymlara kowalaşyp oturman, özümiziň zähmetimiz bilen gowy günlere ýeteris diýip umyt edýärin. Goý, 2019-njy ýyl ähli türkmen halky üçin parahatçylykly we rysgal-döwletli ýyl bolsun.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (611 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (364 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...