Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana sapar bilen geler

+3 ses
539
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#375)
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada «Дагестанская правда» onlaýn neşiri habar berýär.    Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşar.    Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.    Forumda geçiriljek duşuşyklar transport we logistika, senagat, bilim, sanly gün tertibi we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanar.    Çäräniň çäginde russiýaly öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.    Işewürlik forumynyň ilkinji gününde senagat B2B duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.    Mihail Mişustin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri wezipesine bellendi. Şeýlelikde Mihail Mişustin Russiýanyň Premýer-ministri hökmünde ilkinji gezek Türkmenistana geler.

14 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 02.07.2026 03:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9234)
Oňat habar, goý hyzmatdaşlygymyz mundan hem rowaçlyklara beslensin. Görüp otursak, bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin möhüm ähmiýete eýe boljak ýaly.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11272)
Gowy habar eken, bu sapar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklara oňyn täsir eder diýip umyt edýärin. Görüp otursak, Mişustin ilkinji gezek gelýän eken, göräli ne netije berer.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.08.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14475)
Oňat habar, goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösmegi hemişe gowy zat. Görüp otursak, Mişustiniň ilkinji gezek gelşi ekeni, syýasy tarapdan möhüm waka bolar öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.09.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15331)
Gyzgyn, bu forumdan netijeli ylalaşyklaryň çykaryna garaşýarys, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gowy pursat bolar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (172 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...