Türkmenistanda harby mekdeplere okuwa kabul edişlik başlady

+2 ses
458
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#384)
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny şu ýyl tamamlajak okuwçy oglanlary üçin ýurduň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişlik başlady. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.
Bu mekdeplerde okuwyň möhleti 4 ýyl bolar. Olarda harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Harby mekdepleriň dalaşgärleri aşakdaky resminamalaryň sanawy bilen ýerli harby wekillige arza tabşyrmalydyrlar:
Dalaşgäriň ene-atasynyň onuň harby mekdebiň okuwçysy bolmagyna razydygy baradaky ýazmaça tassyklamasy (eger-de ene-atasy Türkmenistanyň çäginde ýaşamaýan bolsa, degişli resminamany Döwlet migrasiýa gullugy berýär);
Ene-atasynyň pasporty;
Anketa we terjimehal;
Dogluş hakynda şahadatnama;
Orta mekdepde ýetişigi baradaky kepilnama (1, 2 we 3 çärýekleriň bahalary);
3х4 ölçegde 6 surat, 4х6 ölçegde 4 surat, 9х12 ölçegde 2 surat;
Orta mekdep tarapyndan berlen häsiýetnama;
Mekdebiň direktory tarapyndan tassyklanan şahsy iş;
Saglyk kartasy, ýaşaýan ýerinden saglyk ýagdaýy barada kepilnama;
Sanjymlar baradaky öňüni alyş kartasy;
Ýaşaýan ýeri barada kepilnama we maşgala ýagdaýy barada maglumat;
Ene-atasynyň biriniň ölendigi barada kepilnama (eger-de bar bolsa);
Geçmek üçin esasy şert – mekdep maksatnamasynyň 8-nji synpa çenli ähli dersleri boýunça test-synag we türkmen dilinden diktant. Synag-testi üstünlikli tabşyran dalaşgärler umumy ýaşaýyş jaýynda ýer, dört wagtyna iýmit we dynç almak üçin gerekli serişdeler bilen üpjün ediler.

10 Teswir

+4 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 09:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#662)
Gyzgyn, bu habaryňyz üçin köp sag boluň, doganym hem şu ýyl synanyşyp görmegi meýilleşdirýär. Görüp otursam resminamalaryň sanawy ep-esli köp eken, wagtynda ýetişdirip bolar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 28.03.2026 02:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1108)
Gyzgyn, sag bol maglumatyň üçin! Doganym hem şu ýyl synanyşjak bolup ýör, synaglar kyn düşermikä diýip biraz alada edýäris.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 09:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1137)
Meniň jigimem şu ýyl synanyşjak bolýar, göräýeli indi geçip bilermikä. Harby mekdepde okamak geljek üçin gowy mümkinçilik öýtýän.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 15.04.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2662)
Oglum şu ýyl 8-nji synpy gutarýar, synaglar nähili derejede kynka dersler boýunça? Harby mekdepde okamak geljek üçin gowy mümkinçilik öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2858)
Sag bol gyzgyn, bu maglumatyň köp maşgala gerek bolup biler. Harby mekdepde okamak geljek üçin gowy mümkinçilik, ýöne synaglar kyn bolmasa ýagşylyk döretmezmikä diýýärin?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 03.05.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4002)
Oglum şu ýyl 8-nji synpy gutarýar, harby mekdepde okasyn diýip köpden bäri arzuw edýäris. Synaglar kyn bolarmyka, öňünden haýsydyr bir taýýarlyk kurslary barmyka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.05.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4174)
Oglum şu ýyl 8-nji synpy gutarýar, özümiz hem şeýle mekdebe tabşyrmagy pikirlenip otyrys. Synaglar kyn düşermikä diýip biraz alada edýän, tejribesi bolanlar bolsa paýlaşsaňyz gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 20.05.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5462)
Oglum üçin köpden bäri garaşýardyk, ýöne resminamalary ýygnamak biraz kyn boljak ýaly. Synaglar kyn düşermikä, şuny bilýän barmy?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.05.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5590)
Meniň jigimem harby mekdepde okaýar, hakykatdan hem terbiýe we tertip-düzgün babatda gaty gowy mekdep. Gyssanyp resminamalary taýýarlasa bolar, synaglar kyn bolmasa gerek.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 23.05.2026 12:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5709)
Meniň jigimem şu ýyl synanyşyp görjek bolýar, göräýeli nähili bolar. Resminamalaram az däl eken, taýýarlyk görmäge biraz wagt galypdyr.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (463 oçko)
  2. bet-turkmen (442 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...